“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy 26.05.2026 - 11.06.2026 aralygynda TENDER yglan edýär: (Туркменистан - Тендер #72536594) | ||
| ||
| Для перевода текста тендера на нужный язык воспользуйтесь приложением: | ||
Страна: Туркменистан (другие тендеры и закупки Туркменистан) Организатор тендера: NEBIT-GAZ Электронная газета нефтегазового комплекса Туркменистана Номер конкурса: 72536594 Дата публикации: 26-05-2026 Источник тендера: Нефтегазовый комплекс Туркменистана |
||
15:22 26.05.2026 88
“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy “Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasyny üpjün emek üçin Türkmenistanyň manatlarynda çüýşe gaply agyz suwuny satyn almak üçin №2026/27 belgili TENDERI yglan edýär:
Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1. Bäsleşige gatnaşmak hakynda ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2. Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça talaplyk haty iberiler;
3. Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4. Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm», saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 10 (on) günüň dowamynda iberilmeli. Şol möhletiň 10-njy iş güni ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan giç gelen teklipler kabul edilmez.
Anyklaşdyryjy maglumaty bermek:
Guramaçylyk meseleleri barada MTO inženerine: +993-65-83-18-99 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;
Tehniki meseleler barada kömekçi önümçiligiň bölüm ýolbaşçysyna: +993-63-73-79-72 belgili telefon boýunça ýüz tutmaly;