“Türkmengaz” Döwlet konserni halkara tenderi gaýtadan yglan edýär: 05.09.2025 - 17.10.2025 (Туркменистан - Тендер #67199217) | ||
| ||
| Для перевода текста тендера на нужный язык воспользуйтесь приложением: | ||
Страна: Туркменистан (другие тендеры и закупки Туркменистан) Организатор тендера: NEBIT-GAZ Электронная газета нефтегазового комплекса Туркменистана Номер конкурса: 67199217 Дата публикации: 22-09-2025 Источник тендера: Нефтегазовый комплекс Туркменистана |
||
17:45 22.09.2025 897
Hormatly jenaplar!
"Türkmengaz" döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan “DO49P” kysymly iki sany gaz turbina hereketlendirijini düýpli abatlamak boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 17, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we kompaniýanyň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi hakynda maglumatlary görkezip, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16:00-a çenli kabul edilýär;
- "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly;
- Bäsleşige gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly;
- Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär;
- Bäsleşik teklipleri ýerleşdirilen bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Bellik: Tender resminamalarynyň doly bukjasyny hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň almak bolar.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
(+99312) 40-32-40, 40-32-50;
Faks: (+99312) 40-32-59.