CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär: 27.01.2025 - 05.02.2025 (Туркменистан - Тендер #61134433) | ||
| ||
| Для перевода текста тендера на нужный язык воспользуйтесь приложением: | ||
Страна: Туркменистан (другие тендеры и закупки Туркменистан) Организатор тендера: NEBIT-GAZ Электронная газета нефтегазового комплекса Туркменистана Номер конкурса: 61134433 Дата публикации: 30-01-2025 Источник тендера: Нефтегазовый комплекс Туркменистана |
||
12:25 30.01.2025 614
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy ГПЗ-2 gazy gaýtadan işleýiş zawodyndaky gaz giňeldiji kompressoryň rotor gurluşyna tehniki hyzmat bermek üçin ony öndüriji zawoda ibermek boýunça № CIT-24127-SR belgili bäsleşigiň deslapky saýlamalaryny yglan edýär.
Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:
• Tendere gatnaşmak üçin arza;
• Kompaniýa barada umumy maglumat, onuň alyp barýan işewürligi, toplan tejribesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, bellige alnyşy we ygtyýarnamasy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
• Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary barada maglumat;
• Kompaniýanyň tender işine gatnaşan halatynda bank kepilligini bermäge taýýarlygy barada resmi hat.
• Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.
Arzalar bildiriş KHBS-nde çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.
Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny iňlis we rus dillerinde taýýarlap, möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 salgy boýunça kabul edilýär:
Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan
Telefon belgisi: +993 12 44-54-34
Faks: +993 12 44-50-44